Gazagystanyň prezidenti: Yslam gymmatlyklary milli jebisligi berkitmekde möhüm faktordyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19360-gazagystanyň_prezidenti_yslam_gymmatlyklary_milli_jebisligi_berkitmekde_möhüm_faktordyr
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti yslam gymmatlyklaryny bu ýurduň milli jebisligini berkitmegiň faktory hasaplady.
(last modified 2022-11-09T05:05:23+00:00 )
Nov 09, 2022 10:05 Asia/Ashgabat
  • Gazagystanyň prezidenti: Yslam gymmatlyklary milli jebisligi berkitmekde möhüm faktordyr

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti yslam gymmatlyklaryny bu ýurduň milli jebisligini berkitmegiň faktory hasaplady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti "Kasem Žomart Tokaýew" çarşenbe güni "Atyraý" welaýatynyň ilaty bilen bolan duşuşygynda gazaklaryň ata-babalary asyrlarboýy Yslam dinine uýýarlar we şerigat ülňülerini milli durmuş ýörelgesi bilen sazlaşdyrýarlar, şonuň üçin yslam gymmatlyklary milli jebisligi berkitmäge kömek edýär diýdi.

Tokaýew sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýa ünsi çekip, häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan dürli konfliktleriň esasy sebäpleriniň biri dini agzalalyklardygyny aýtdy.

Iki aý çemesi öň Gazagystanyň paýtagty Astanada dünýä we adaty dinleriň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşanlar ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşi nygtadylar.