Nov 24, 2022 14:56 Asia/Ashgabat
  • Terror toparlarynyň Owganystandan Merkezi Aziýa aralaşmagy howpy barada Putiniň duýduryşy

Russiýanyň prezidenti Owganystandaky häzirki ýagdaýyň çylşyrymlydygyna ünsi çekip, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň mejlisinde dürli terrorçy toparlaryň bu ýurtdan guramanyň agza ýurtlaryna aralaşmagy howpy barada duýduryş berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ermenistanyň paýtagty ereerewanda Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden cykyşynda terrorçylyk guramalarynyň söweşijileriniň Owganystandan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agza ýurtlarynyň çägine aralaşmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ekstremizm ideologiýasyny ýaýratmak howpuny ýokarlandyrýar diýdi.

Häzirki şertleri göz öňünde tutup, Russiýanyň prezidenti terrorçylyk, ekstremizm we neşe bilen baglanyşykly problemalary wagtynda tanap we zyýansyzlandyrmak üçin jogapkär guramalaryň hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ünsi çekdi.

Putin şeýle-de geçen hepde Russiýanyň, Hytaýyň, Päkistanyň, Eýranyň, Hindistanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda "Moskwa formaty" ýygnagynyň geçirilişine yşarat edip iň möhüm mesele, Owganystandaky ähli etnik toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda hakykatdanam öz içine alyjy hökümet döretmekdir diýip sözlerine goşdy.

Tags