Italiýa Ukraina ýarag kömegini berer
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19636-italiýa_ukraina_ýarag_kömegini_berer
Italiýanyň hökümeti Ukraina 2023-nji ýylda ýarag, esbap we harby enjam bilen üpjün etmegi öz düzüminde jemleýän kararnamany tassyklady
(last modified 2022-12-04T11:39:33+00:00 )
Dec 04, 2022 16:39 Asia/Ashgabat
  • Italiýa Ukraina ýarag kömegini berer

Italiýanyň hökümeti Ukraina 2023-nji ýylda ýarag, esbap we harby enjam bilen üpjün etmegi öz düzüminde jemleýän kararnamany tassyklady

Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni düýn agşam Rimde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde, häzirki wagtda Ukraina ugradylýan we täze ýylda möhledi doljak kararnamany maslahatlaşdy. 

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň, Premýer ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Premýer ministr Jorjiýa Meloni Daşary işler ministri Antonio Tažani we Goranmak ministri Guido Krosettonyň teklibine laýyklykda Ministrler kabinetiniň Ukraina ýarag ugratmagyny 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak bilen bagly gyssagly düzgünleri öz içine alýan kanun hökmündäki kararnamany tassyklandygy habar berildi. 

Parlamentiň tassyklamagy gerek bolan 6-njy kararnama bilen Italiýanyň hökümeti, öňümizdäki ýylyň dowamynda her bir üpjünçilik üçin parlamentiň tassyklamagyna mätäç bolmazdan Kiýewe ýarag ugradyp biler. 

Italiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, soň kararnama bilen Ukraina gysga aralykly gury ýerden howa raketa ulgamynyň ugradylmagy göz öňünde tutulýar. 

Emma, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna garşy 24-nji fewralda yglan eden söweşinden bäri jemi 1300-den gowrak ukrainaly harby hünärmeniň ýesirlikden halas edilendigini mälim etdi.

Zelenskiý düýn gije Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

Soňky gezek 1-nji dekabrda Russiýa bilen ýesirleriň çalşylandygyny we 50 ukrainaly harby hünärmeniň öýlerine dolanandygyny ýatladan Zelenskiý, häzire çenli jemi 1300-den gowrak ukrainalynyň rus ýesirliginden halas edilendigini belledi.

Zelenskiý “Ýesirleri öýlerine getireliň. Ukraina dolulygyna erkin bolar. Ukrainalylar öýlerine dolanar” diýdi.

Şeýle-deRussiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan söweşi sebäpli 14,5 milliondan gowrak ukrainalynyň ýurdy terk edendigi habar berildi.

Ukrainanyň Mejlisiniň Adam hukuklary toparynyň başlygy Dmitro Lubinets, mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “24-nji fewraldan soň 14,5 milliondan gowrak ukrainaly ýurdy terk etdi we şolardan azyndan 11,7 milliony ÝB-ne agza ýurtlara gitdi. 7,7 million adam Ýewropada wagtlaýyn bellige alyndy” diýdi.

Lubinets, dowam edýän söweş sebäpli 4,7 million ukrainalynyň hem ýurduň içinde başga ýerlere göçendigini mälim etdi.