Iňlis şäherlerinde güýçli gar ýagdy
Iňlis şäherlerinde güýçli garyň ýagmagy, bu ýurdy krizis bilen ýüzbe-ýüz etdi.
“Eýran Press” habar gullugynyň habaryna görä, Iňlisde birnäçe günden bäri dowam edýän gar ýagmagy adamlar we awtoulaglar, hatda howa menzilleriniň işlemeginde kynçylyk döretdi.
Bu habara görä, ýurduň iň işli howa menzillerinden biri bolan Iňlisiň Gatwik howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy güýçli gar we aşa sowuk sebäpli ýapyldy.
Güýçli gar sebäpli Mançester howa menzili uçuş-gonuş zolaklaryny ýapmaly ýa-da birnäçe uçuşyň ugruny ýatyrmaly ýa-da üýtgetmeli boldy.
Gar we buz bilen birlikde güýçli duman Iňlisleriň gar bilen örtülen şäherlerde gelim-gidimlerini kynlaşdyrdy.
Ýewropa ýurtlarynda aşa sowuk howa energiýanyň bahasyny hem ýokarlandyrdy. Fransiýa, Germaniýa we demirgazyk Ýewropa ýurtlary hem sowuk howa bilen ýüz-beýüz bolandyrlar.