Amerikan ýaşlarynyň arasynda iň öldüriji neşäniň ýaýramagy
ABŞ-nyň Neşelere garşy göreş gullugy köp mukdarda senagat neşe serişdeleriniň tapylandygyny habar berdi.
Amerikada neşe serişdeleriniň ulanylmagy krizisi dowam edýär we bu aralykda fentanil dermanlaryny ulanmak ýetginjekleriň ölümini elhenç ýagdaýda ýokarlandyrýar.
BBC teleýaýlym ulgamyna görä; Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşe serişdelerine garşy göreşmek üçin jogapkär edara: Şu ýyl bu ýurtda ele salnan "fentanil" diýlip atlandyrylýan ölüm howply senagat neşe maddasynyň mukdary Amerikanyň ähli halkyny öldürmek üçin ýeterlikdir.
Amerikanyň neşe serişdelerine garşy göreş gullugy bu guramanyň wekilleriniň tutuş ýurt boýunça 400 million ölüm howply dozasyny ele salandygyny aýdýar.
Geroinden 50 esse güýçli FENTANYL, Amerikanyň ýüzbe-ýüz bolýan neşe howpydyr.