Ukraina 250 Tankyň Berilendigini Polşanyň Resmisiniň nygtamagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i20374-ukraina_250_tankyň_berilendigini_polşanyň_resmisiniň_nygtamagy
Polşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweskiý, 24-nji fewraldan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina häzire çenli 250 tank ugradandyklaryny aýtdy
(last modified 2023-01-30T13:48:06+00:00 )
Jan 30, 2023 18:48 Asia/Ashgabat
  • Ukraina 250 Tankyň Berilendigini Polşanyň Resmisiniň nygtamagy

Polşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweskiý, 24-nji fewraldan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina häzire çenli 250 tank ugradandyklaryny aýtdy

 

Moraweskiý, Fransuz LJY telewideniýesine beren beýannamasynda, Ukrainanyň özygtyýarlygyna goldaw bermegiň, Ýewropanyň gymmatlyklaryny goramak manysyny aňladýandygyny aýtdy.

Ukraina harby uçaryň berilmegi meselesi gün tertibine getirlen halatynda “kabul” sesini berjekdiklerine ünsi çeken Moraweskiý, “Elbetde bu meselede diňe NATO karar kabul ediler” diýdi.

Moraweskiý, Günbataryň Ukraina döwrebap ýaraglaryň berilmegi meselesinde has jogapkärçilikli hereket etmelidigini nygtady.

Ýurdunyň Ukraina ýarag kömegini bermäge dowam edýändigini ýatladan Polşanyň Premýer-ministri, “Ukraina häzire çenli 250 tank berdik. Ýakynda ýene-de 60 tank ugradarys. 14 sany hem Leopoard tankyny bereris” diýip belledi.

Emma,ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, M1 Abrams tanklarynyň Ukraina gowşurlyş işleriniň birnäçe aý dowam edip biljekdigini habar berdi.

Pentagynyň metbugat geňeşçisinyň orunbasary Sabrina Singh, ýurdunyň Ukraina berjek M1 Abrams tanklary hakynda metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň elinde artykmaç tankyň ýokdygyny, Ukraina üçin täze tanklaryň satyn alynjakdygyny aýdan Singh, şol sebäpli hem Abrams tanklarynyň Ukraina gowşurlyş işleriniň birnäçe aý dowam edip biljekdigini belledi.

ABŞ, Germaniýanyň Ukraina Leopard 2 tanklarynyň berilmegi meselesindäki adalary sebäpli Kiýewe M1 Abrams tanklaryny berjekdigini mälim edipdi.

Şeýle-de Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ABŞ we Germaniýa bilen birlikde käbir Günbatar döwletleriniň Ukraina taňk ugratmak baradaky kararlarynyň üstünde durup geçdi. 

Günbatar döwletleriniň ady agzalan ýarag üpjünçilikleri bilen bagly beýannamalaryna goşulmaýandyklaryny aýdan Dmitriý Peskow: "Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryndan we Waşingtondan Ukraina taňklar bilen birlikde beýleki ýarag ulgamlarynyň ugratmagynyň, hiç bir ýagdaýda şol ýurtlaryň ýa-da alýansyň (NATO) Ukrainadaky çaknyşyga goşulmak manysyny bermeýändigi barada eýýäm ençeme gezek beýannamalar berildi. Biz şol beýannamalara goşulmaýarys" diýip habar berdi. 

Ady agzalan ýarag üpjünçilikleriniň, çaknyşyga gönüden goşulmak manysyna gelýändigini aýdan Dmitriý Peskow: "Alýans (NATO) we ady agzalan ýurtlaryň edýän ähli hereketlerini çaknyşyga gönüden goşulmak hökmünde häsýetlendirýäris. Onuň hem artýandygyny görýäris" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukraina 31 Abrams taňkynyň beriljekdigini habar beripdi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, ýurdunyň Ukraina berýän ýarag kömegini has hem güýçlendirjekdiklerini we Leopard 2 taňklaryny bermek barada karara gelendiklerini aýan etdi. 

Ýewropaly käbir ýurtlar hem ellerindäki Leopard 2 taňklaryny Ukraina bermäge taýardyklaryny beýan edipdiler.