Amerikaly komediýaçy: ABŞ iň uly terrorist
Amerikaly komediýaçy öz ýurduny dünýäniň iň uly terrorçysy diýip atlandyrdy.
]IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Amerikaly komediýaçy "Jimmy Dore" Amerikanyň Fox News kanalyna beren interwýusynda Amerikany terrorist diýip atlandyrmak bilen bu ýurdy dünýädäki köp söweşlere sebäp bolmakda aýyplaýar.
"Dore" şeýle-de soňky ýigrimi ýylda Günbatar Aziýa ot berdik, indi bolsa Ukrainada proksi söweş alyp barýarys. Bu söweş biz we Demirgazyk Atlantik şertnama guramasy (NATO) tarapyndan başlandy.
Bu Amerikaly komediýaçy Waşingtonyň häzirki wagtda Hytaý bilen söweşe başlaýandygyny aýtmak bilen Hytaý bilen Russiýanyň duşmanymyz däldigini aýtdy. Biziň duşmanymyz, bu ýurdy ýüzlerçe milliard we trillion dollar talanan Amerikanyň harby pudagydyr diýdi.
2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainadaky söweşden bäri ABŞ Ukraina takmynan 27,2 milliard dollar howpsuzlyk kömek iberdi.