Sudanly talyplar Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyna ýok diýdiler
Sudanly talyplar "Hartum" uniwersitetiniň öňünde ýygnanyp, Sudan bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna nägilelik bildirdiler.
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Sudan, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we Maruka ABŞ-nyň basyşy we töwellaçylygy bilen sionist režimiň palestinalylara garşy eden jenaýatlaryna garamazdan, bu režim bilen gatnaşyklarynyň kadalaşýandygyny habar berdiler, bu çäre arap we yslam ýurtlarynda garşylyk tolkuny bilen ýüzbe-ýüz boldy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni agşam Hartum uniwersitetiniň talyplary Ysraýyl režiminiň baýdagyny ýakyp, bu uniwersitetiň öňünde geçirilen ýörişde Abdul Fattah al-Barhanyň ýolbaşçylygyndaky Sudanyň harby hökümetiniň sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky tagallalaryny ýazgardylar.
Sudanly protestçyler Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaklyga gönükdirilen islendik hereketiň bikanundygyny aýtdylar.
Hartum uniwersitetiniň talyplar ýygnagynyň guramaçysy Al-Muzaffar al-Dagel bu meselede şeýle diýdi: Sudanyň halky Sionist režim bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garşy we soňky ýyllarda basyp alyjy Ysraýyl režimine garşy palestinalylar bilen bililikde söweşdi diýdi.
Hartum uniwersitetiniň talyby "Ali Muhammet" hem bu ýygnagynyň çäginde, talyplaryň basyp alyjy Ysraýyl režimine iberen sargydynyň aýdyňdygyny aýtmak bilen Sudanlylar bu režim bilen gepleşik geçirmeýärler we sionist režimiň bardygyny ykrar etmeýärler diýdi.
Sudanyň halky bu ýurt bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň Sudan halky we ýurdy üçin hiç hili peýdasynyň ýokdugyny nygtaýar.