Nablusa edilen hüjümden soň Netanýahunyň ekstremist kabinetiniň bulaşyklygy
Sionist režimi tarapynda Nablusa edilen hüjümden soň Netanýahunyň ekstremist kabinetini bulaşyklyga duçar bolandyr.
Bar bolan subutnamalar, Sionist goşunyň Nablusa giň gerimli hüjüminden soň, Netanýahunyň täze kabinetiniň ozal yglan edilen şäherçe gurluşyk işleri alyp barmakda we repressiw maksatlaryny durmuşa geçirmekde derwaýys bolandygyny görkezýär.
Bu meselede aýdyň subutnamalaryň biri, Netanýahunyň täze kabinetiniň täze ilatly punktlaryň gurluşygyny togtatjakdygyny we ozalky bikanun toplumlary kanunlaşdyrmak bilen çäklenjekdigini yglan edendigine garamazdan, bu geňeş täze ýygnagynda 4000 täze jaýyň gurluşygyny tassyklady, şeýlelik bilen ozal tassyklanan 3000 jaý bilen tassyklanan täze guruljak jaýlaryň sany 7000 ýetýär.
Aslynda, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi ýakynda baslyp alynan topraklarda şäherçäniň gurluşygyny ýazgaryp reaksiýa bildirdi ,emma Sionistleriň täze ministrler kabineti bu karary bozup durandyr .
Bu kontekstdäki başga bir mysal, Içerki howpsuzlyk ministri Itamar Ben Güwiriň howpsuzlyk meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň aýlyk haklaryny ýokarlandyrmakdyr,bu howpsuzlyk güýçler şeýlelik bilen Palestinalylary basmaga höweslidirler.
Sionist režimi , Arin al-Aswad ady bilen tanalýan güýçleriň batalýon serkerdesini tussag etmek üçin Nablusa ýaragly hüjüm edipdi, bu wakada 11 palestinaly şehit bolup, ýüzden gowrak adamyň ýaralanandygyny görkezýär. Bu bolsa içerki palestinalylaryň we daşary ýurtlardaky palestinalylaryň hukuklaryny goldaýanlaryň jogapkärçiligini iki esse artdyrýar.