ÝB, Russiýa Sanksiýa Goýmaga Dowam Edýär
ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Şwesiýa tarapyndan berlen beýannamada, agza ýurtlaryň Russiýa-Ukraina söweşiniň birinji ýylynda Moskwa garşy 10-njy sanksiýa bukjasyny kabul edendikleri nygtaldy.
Täze sanksiýa bukjasynyň tehnalogiýa enjamlaryny, söweşe goldaw berýän ýaýlymlary sebäpli käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we Russiýa uçarmansyz howa ulaglaryny beren guramalary öz içine alýandygy ýatladyldy.
Şwesiýa tarapyndan berlen beýannamada, ÝB-niň söweşiň näçe wagt dowam etjekdigine garamazdan Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigine üns çekildi.
Beýannamada sanksiýa bukjasy barada giňişleýin maglumat berilmedi.
ÝB Komissiýasynyň geçen hepde taýarlan sanksiýa bukjasy, rus ykdysadyýetini tehnalogiýa we senagat enjamlaryndan mahrum etmek üçin 11 milliard ýewrodan gowrak enjamyň eksport edilmegini gadagan edýärdi.
Şeýle-de ÝB-niň resmi binalary Ukrainanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyryldy. ÝB-niň düzümleriniň ýerleşýän Brýussel şäheriniň Şuman meýdanynda şemler ýakyldy, uruşda pida bolan çagalar üçin şemlerin ýanyna oýunjaklar goýuldy.
ÝB Geňeşinden berilen beýannamada-da Ukraina goldawyň dowam etjekdigi nygtaldy.
Germaniýanyň paýtagty Berlinde söweşiň bir ýyllyğy zerarly şemler bilen parahatçylyk belgisi şekillendirildi.
Fransiýanyň paýtagty Parižde bolsa Eýfel minarasy Ukrainanyň baýdagynyň renkleri bilen yşyklandyryldy.
Londonyň Trafalgar meýdanynda Ukraina goldaw çäresi geçirildi. Aktiwistler topary bolsa Russiýanyň Britaniýadaky İlçihanasynyň öňünden geçýän ýoly Ukrainanyň baýdagynyň reňkine boýady.
Ukraina BMG-niň Baş Assambleýasynda hem goldaw berildi.
Baş Assambleýada Russiýa Ukrainadan dessine çekilmek üçin çagyryş edilýän karar taslamasy tassyklandy. Taslama 7 ýurt garşy ses berdi, 32 ýurt ses bermekden saklandy. 141 ýurt bolsa kabul sesini berdi.
Ukraina harby goldaw hem dowam edýär. ABŞ Ukraina 2 milliard dollarlyk goşmaça howpsuzlyk kömeginiň beriljekdigini beýan etdi.
Resmi Pekin bolsa “Hytaýyň parahatçylyk meýilnamasy” atlandyrylýan 12 maddalyk beýanat berdi.