Russiýanyň "Täze Start" şertnamasyna gaýdyp gelmeginiň şerti
Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi öz ýurdunyň Täze Start şertnamasyna gaýdyp gelmeginiň şertini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Moskwa babatdaky pozisiýasynyň üýtgemegi diýip hasaplady.
22-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Federal Assambleýasynda eden çykyşynda Russiýanyň Täze Start şertnamasyna gatnaşmagyny wagtlaýyň togtatjakdygyny aýtdy.
Putin munuň şertnamadan çykmak manysynda däl-de, takyk wagtlaýyn togtadylýandygyny aýtdy.
IRNA-nyň sişenbe güni beren hasabatyna görä, Russiýanyň Amerikadaky ilçisi Anatoliý Antonow "Täze Start" şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmeginiň şerti Waşingtonyň Russiýa garşy duşmançylykly syýasatyna gaýtadan garamagydyr diýdi.
Bu ýokary derejeli rus diplomaty sözüniň dowamynda Moskwanyň bu şertnama gatnaşmagyny togtatmak karary häzirki şertlerde ýeke-täk dogry wariantydy diýip aýtdy.
Moskwa bilen Waşington 2010-njy ýylda ýaraglary azaltmak boýunça täze strategiki şertnama - Täze Starta - gol çekdiler.
Bu resminama laýyklykda, şertnama durmuşa geçirilenden ýedi ýyl soň, iki tarapyň hersinde jemi 700-den gowrak kontinentara ballistik raketa (ICBM), suwasty gämi ballistik raketalary (SLBM) we strategiki bombalary bolmaly däldir.