Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Ukrainada Saparda Boldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i20832-Ýewropa_parlamentiniň_başlygy_ukrainada_saparda_boldy
Zelenskiý, Ukraina berýän goldawlary üçin Ýewropa Parlamentiniň başlygyna minnetdarlyk bildirdi
(last modified 2023-03-06T06:39:25+00:00 )
Mar 06, 2023 11:39 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Ukrainada Saparda Boldy

Zelenskiý, Ukraina berýän goldawlary üçin Ýewropa Parlamentiniň başlygyna minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola bilen duşuşdy.

Ukraina tarapyndan berlen beýannamada, iş sapary bilen Ukrainanyň Lwow şäherine baran Metsolanyň Prezident Zelenskiý bilen duşuşandygy nygtaldy.

Beýannamada “Prezident Zelenskiý, söweşiň başlan gününden bäri Ukraina berýän goldawlary we kabul eden möhüm kararlary üçin Ýewropa Parlamentiniň başlygyna minnetdarlyk bildirdi” diýildi.

Beýannamada, Zelenskiniň mundan başgada Russiýa goýlan sanksiýalaryň artdyrylmagy üçin uly tagalla edýän Metsola sagbolsun aýdandygy bellenildi.

Beýannamada “Prezident 10-njy sanksiýa bukjasynyň diýseň möhümdigini emma hüjüm ediji ýurda garşy edilýän basyşlaryň artdyrylmalydygyny ýatlatdy” diýildi.

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Metsolanyň rus hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdygyna üns çekildi.Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Ukraina ykdysady, ynsanperwer we şol bir wagtda ýarag kömegini bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Şols köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda, geçen ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi hakynda maglumat berdi.

Şols, Russiýanyň Ukrainada meýilleşdirişi ýaly üstünlik gazanyp bilmändigini nygtap, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ukrainalylaryň güýjüne we olara goldaw berýän dostlarynyň jebisligine ynanmandygyny belledi.

Ukraina ykdysady, ynsanperwer we şol bir wagtda ýarag kömegini bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Şols “Putin Ukrainany basyp alyp bilmejekdigine göz ýetirmeli we esgerlerini yza çekmeli” diýdi.

Germaniýanyň we ÝB-niň Hytaý bilen edýän gatnaşyklary hakynda hem durup geçen Şols, Russiýa ýarag bermezlik meselesinde Hytaýa duýduryş berendiklerini ýatlatdy.Şeýle-de ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Russiýa-Ukraina söweşiniň çäginde Ukraina berilen goldawy ara alyp maslahatlaşdylar.Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannamada, Baýden bilen ýurduň paýtagty Waşington şäherine resmi sapar bilen gelen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň Russiýa-Ukraina söweşi bilen global meseleleri maslahatlaşandyklary habar berildi.

Beýannamada ABŞ bilen Germaniýanyň arasyndaky güýçli gatnaşyklary tassyklamak üçin duşuşyk geçirendiklerini bellän liderleriň, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň 1-nji ýylynda Ukraina berilen howpsuzlyk, ynsanperwer, ykdysady we syýasy goldaw bilen bagly dowam edýän tagallalary maslahatlaşandyklary aýan edildi.

Duşuşykda Ukrainanyň halky bilen global raýdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetiniň gün tertibe getirilendigi bellenen beýanatda: "Liderler gerek boldugy saýyn Russiýadan agressiýasynyň jogabyny soramak baradaky ygrarlylygyny nygtadylar" diýip beýan edildi.

Beýannamada Baýdeniň we Şolsyň gün tertibindäki beýleki meseleler babatynda hem pikir alyşandyklary mälim edildi.