Azerbaýjan Respublikasy: Ermenistan agressiw hereketlerden saklanmalydyr
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýekşenbe güni beren beýannamasynyň gaýtawulynda Ýerewandan agressiw hereketlerden we ýaman syýasatlardan saklanmagyny talap etdi.
2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Azerbaýjan Respublikasy Nagorno-Garabag sebitini Ermenistan bilen birleşdirýän Laçin geçelgesini petikledi. Şunuň bilen baglylykda Ýerewan Bakuwyň Garabag sebitinde Ýermenileriň gyrgynçylygyny gözleýändigini aýtdy.
Bu aralykda, Ermenistanyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni beren beýannamasynda Ýerewanyň barlaglary, Azerbaýjan Respublikasynyň sebitde parahatçylygy üpjün etmezlik üçin ähli zady edýändigini görkezýär diýip nygtady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajizade bu sözlere jogap edip, Ermenistan Azerbaýjan Respublikasynyň ýerlerini takmynan 30 ýyllap basyp almak bilen halkara kanunlaryny we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň dört kararyny bozdy we takmynan bir million azerbaýjanly adamlary zor bilen öz ýurtlaryndan göçürdi we Azerbaýjanyň ähli taryhy we dini ýadygärliklerini ýok etdi diýdi.
Ol sözüniň dowamynda Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu beýany bu ýurdyň jynsparazlygyny we ýigrenç ýaýradýandygyny görkezýär diýdi.
Beýanatda Ermenistanyň Azerbaýjanyň parahatçylyk şertnamasy bilen gyzyklanmaýandygyny öňe sürmegi "bu ýurduň aldawynyň ýene bir aýdyň mysaly" diýilýär.