Russiýanyň we Hytaýyň prezidentleri ýadro ylalaşygyň dikeldilmegini nygtadylar
Russiýanyň we Hytaýyň prezidentleri Wladimir Putin bilen Si Szinpiniň arasyndaky duşuşykdan soň Moskwa we Pekin ýadro ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň çalt başlamagyny islediler.
IRNA-nyň habaryna görä, Hytaý we Russiýa sişenbe güni bilelikde beren beýanynda taraplar Eýran bilen ýadro şertnamasynyň doly we netijeli durmuşa geçirilmegine we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny gysga wagtda durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdylar.
Beýanatda şeýle-de bu mesele bilen baglylykda olar ähli [ýadro şertnamasyndaky] hyzmatdaşlaryndan ýadro ylalaşygy dikeltmek gepleşikleriniň oňyn netijesini almaklygy aňsatlaşdyrmak üçin syýasy karar bermegini islediler.
Birnäçe aýlap dowam eden intensiw diplomatik gepleşiklerden soň sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşikler özüňi alyp barşyndaky gapma-garşylyk, karar bermekde gijä galmak we ABŞ-nyň köp isleýjiligi ýaly faktorlar sebäpli gijä goýuldy.
Bu beýannamanyň başga bir bölüminde şeýle diýilýär: Russiýa bilen Hytaý, gepleşikler arkaly gazanylan Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny goldaýarlar.