Lawrow: Amerika ähli gyzyl çyzyklardan geçdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21084-lawrow_amerika_ähli_gyzyl_çyzyklardan_geçdi
Russiýanyň Daşary işler ministri ýekşenbe güni agşam Amerika öz gegemoniýasyny subut etmek üçin ähli gyzyl çyzyklardan, ýagny diplomatik we ahlak kadalarynyň ähli serhetlerinden geçdi diýdi.
(last modified 2023-03-27T03:25:58+00:00 )
Mar 27, 2023 08:25 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Amerika ähli gyzyl çyzyklardan geçdi

Russiýanyň Daşary işler ministri ýekşenbe güni agşam Amerika öz gegemoniýasyny subut etmek üçin ähli gyzyl çyzyklardan, ýagny diplomatik we ahlak kadalarynyň ähli serhetlerinden geçdi diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýa-24 teleýaýlymyna beren interwýusynda Amerikadan islendik zada garaşyp boljakdygyny aýtdy we Amerikalylaryň diplomatik we ahlak ýörelgeleriniň hiç birini berjaý etmeýändigini aýtdy.

Hytaýyň prezidenti Moskwada rus kärdeşi Wladimir Putin bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we Pekiniň Russiýa-Ukraina söweşini parahatçylykly çözmek baradaky teklipleri barada pikir alyşdy.

ABŞ Hytaýyň uruşda bitarap araçy bolup bilmejekdigini aýtdy we Hytaýyň teklibini ret etdi.

Şeýle-de bolsa, Ukrainanyň prezidenti Pekin bilen Ukrainadaky konflikti çözmek üçin hyzmatdaşlygy "zerur" hasaplapdy.