Grossiniň Zaporoža ýadro elektrik stansiýasynyň howpsuzlygy baradaky duýduryşy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Zaporožýa ýadro elektrik stansiýasyna baryp görenden soň, bu elektrik stansiýasyna hüjüm edilen halatynda betbagtçylyk barada duýduryş berdi.
Ukrainadaky söweşiň ilkinji aýlarynda rus güýçleri Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasy bolan Zaporožýa elektrik stansiýasyny ele geçirmegi başardylar.
Germaniýanyň “Doýçe Welle” torunyň habaryna görä, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri "Rafael Grossi" Zaporožýa atom elektrik stansiýasyna baryp görenden soň eden çykyşynda bu ýadro desgasynyň ýagdaýynyň diňe bir üýtgemän, tersine, bu sebitdäki harby işjeňlikleriň hem köpelendigi äşgärdir diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Ukrainada söweş başlanaly bäri Zaporožýa atom elektrik stansiýasyna baryp görmek üçin ikinji gezek gitdi.
Zaporožýa ýadro desgasy Sowet Soýuzynyň döwrüne degişlidir we Ukraina elektrik üpjünçiligi üçin bu elektrik stansiýasynyň işlemegine mätäçdir.
Şeýle-de bolsa, Zaporožýa sebiti Russiýanyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda referendum geçirmek we ony öz çägine goşmak kararyna gelen sebitleriň biridir we bu meselede Moskwanyň Ukraina tarapy bilen ylalaşmagy çetin görünýär.