Terrorçylyk, sionist režimiň içerki krizislerden çykmak üçin çözgüt ýoly
"Ali Bahadori Jahromi", Eýranyň iki harby geňeşçisiniň şehit bolmagyna salgylanyp, terrorçylyk hereketleriniň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Döwletiniň metbugat sekretary"Ali Bahadori Jahromi", Eýranyň iki harby geňeşçisiniň şehit bolmagyna salgylanyp, terrorçylyk hereketleriniň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.
"Ali Bahadori Jahromi" twitterde öz hasabynda şeýle-de,"Sionist režimiň we beýleki döwlet terrorçylarynyň krizis döwründe endigi, jemgyýetçilik pikirini üýtgetmek we içerki çuňlugyna ýol bermezlik üçin serhetleriň daşynda terrorçylyk hereketlerini etmekdir diýip,Terrorçylyk hereketleriň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy".
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň iki harby geňeşçisi Sionist režimiň Damaskyň eteginde daňdan edilen hüjüminde şehit boldylar.
Sionist režimiň Siriýanyň merkezlerini bombalamakdaky adamzada garşy hereketleri ençeme ýyl bäri dowam edip gelse-de, esasanam 2011-nji ýylda bu ýurtda krizis başlanaly bäri we terrorçylar ýaly maksatlara ýetdi, emma indi bu režim içerki krizislerini gizlemek üçin bu hüjümleri ulanýar. Aslynda, Benýamin Netanýahunyň ministrler kabineti Eýrana garşy duşmançylyklary güýçlendirmegiň ýzyndadyr.
Şübhesiz, häzirki ýagdaý Sionist režimiň iň agyr döwürlerinden biri hasaplanýar, sebäbi Içerki krizisleriň agyrlaşmagy,Palestinanyň garşylyk güýçleriniň ýagdaýynyň durnuklaşmagy, şeýle hem Palestina söweşiniň Iordan derýasynyň günbatar kenaryna ýaýramagy sionist režim üçin ýagdaýy kynlaşdyrandyr.
Elbetde, sionist režimi geçmişde esasanam içerki syýasat, daşary syýasat, jemgyýetçilik meseleleri we howpsuzlyk meselelerinde köp kynçylyklary başdan geçiripdi, ýöne Netanýahu we onuň ekstremist ýaranlary häkimiýete geçenden soň bu krizisleriň mukdary köpeldi.