Polşanyň Ukrainadaky söweşe interwensiýa çemeleşmesiniň dowamy
Polşanyň prezidentiniň Halkara syýasat gullugynyň başlygy, Ukrainadaky söweş bilen baglanyşykly bu ýurduň gatyşmak çemeleşmesiniň dowamy hökmünde bu ýurda 200 sany sowutly ulag iberiljekdigini habar berdi.
Tass habar gullugynyň habaryna görä, Polşanyň prezidentiniň halkara syýasat edarasynyň başlygy Markin Prezidaç bu ýurduň Ukrainadaky söweş bahanasy bilen bu ýurda 200 sany sowutly ulag iberjekdigini habar berdi.
"Markin Prezidaç" şeýle hem Ukrainada söweş bahanasy bilen Polşanyň MiG-29 söweşijileriniň ilkinji toparyny Ukraina ibermek işiniň tamamlanandygyny aýtdy.
Polşanyň "Bomar Labadi" ýarag kompaniýasy hem ukrain goşunynyň T-64 tanklaryny abatlamakçydyr.
Ukrainadaky söweş, giň syýasy, harby, ykdysady, sosial we hatda medeni netijeleri bilen 14-nji aýny başdan geçirýär Günbatar ýurtlary bolsa Ukraina ýarag ibermegini dowam etdirýärler.
Ýewropa we Günbatar ýurtlary, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasyna garşy sanksiýalaryň basyşyny güýçlendirmek we Kiýewe her dürli ýeňil we agyr ýarag bermek bilen, diňe bir Ukrainadaky söweşi bes etmek üçin ädim ätmediler eýsem has dogrusy, bu ýurtdaky konfliktleriň oduny güýçlendirdiler.