Çomsky: Eýranyň neşiri bilen tanyşlygyň bolmazlygy meniň üçin gynandyryjydyr
Apr 11, 2023 13:28 Asia/Ashgabat
Meşhur Amerikaly dilçi we akyldar Noam Çomsky Tähran halkara kitap sergi-ýarmarkasy we Eýranyň neşirçileri bilen tanyşlygyň bolmazlygy meniň üçin uly gynandyryjy zatdyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, 34-nji Tähran halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň öňüsyrasynda Çomsky eden çykyşynda gynansagam, bu sergi baradaky bilimlerim we eýran neşirçileri baradaky bilimim azdyr diýdi.
Meşhur Amerikan dilçi şeýle-de Eýran neşirçileri we Tähran kitap sergi-ýarmarkasy bilen has öň tanyş bolmalydym diýip sözlerine goşdy.
34-nji Tähran halkara kitap sergi-ýarmarkasy 10-njy maýdan 20-nji maý aralygynda Tähranyň Ymam Homeýni (ra) metjidinde geçiriler we şol bir wagtyň özünde ketab.ir web sahypasynda geçiriler.