Londonda Ysraýylyň baýdagyny ýewreý ruhanylary ýakdylar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21368-londonda_ysraýylyň_baýdagyny_ýewreý_ruhanylary_ýakdylar
Sionist režimiň baýdagy, bu režimiň jenaýatlaryna garşy we şeýle hem palestina halkyny goldamak üçin Londonda geçirilen Bütindünýä Kuds güni ýörişiniň üç ýerinde ýewreý ruhanylary tarapyndan otlandy.
(last modified 2023-04-18T10:20:26+00:00 )
Apr 18, 2023 15:20 Asia/Ashgabat

Sionist režimiň baýdagy, bu režimiň jenaýatlaryna garşy we şeýle hem palestina halkyny goldamak üçin Londonda geçirilen Bütindünýä Kuds güni ýörişiniň üç ýerinde ýewreý ruhanylary tarapyndan otlandy.

Erranpress habar gullugynyň habaryna görä, ýewreý ruhanylary ilkinji gezek Ysraýylyň baýdagyny Londondaky Iňlis Içeri işler ministrliginiň binasynyň öňünde ýakypdyrlar, bu bolsa Kuds güni ýörişine gatnaşyjylar tarapyndan garşylanypdyr. Soňra ýewreý ruhanylary Iňlis mejlisiniň binasynyň we Balfour jarnamasynyň berlen ýeriniň öňünde ikinji gezek Palestini azat etmek şygary bilen Ysraýyl režiminiň baýdagyna ot berdiler.

ýewreý ruhanylary Angliýanyň premýer-ministriniň binasynyň öňünde we Londonda geçiriljek Kuds güni ýörişine müňlerçe gatnaşyjynyň öňünde Ysraýyl baýdagyny otladylar we şol bir wagtyň özünde Londonyň merkezinde "Palestina azatlygy" şygary ýaňlandy.