Sudan halkynyň Trumpyň oglunyň aýdanlaryna gaharlanmaklary
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki prezidentiniň ogly Sudany we bu ýurdyň halkyny kemsidýän twit çap etmek bilen sudanlylaryň arasynda uly gahar tolkuny döretdi.
Russiýa Al-Ýum habar kanalynyň habaryna görä, Sudanda bolup geçýän wakalara we bu ýurduň goşuny bilen çalt reaksiýa güýçleriniň söweşijileriniň arasyndaky söweşe ABŞ-nyň öňki prezidentiniň ogly Donald Trump Jr. jogap hökmünde ABŞ-nyň häzirki prezidenti Jo Baýdeniň syýasatyny berk tankytlady.
Ol Baýden administrasiýasynyň Sudanda ýaşaýan Amerikan raýatlaryndan öň bu ýurduň ilçihanasynyň işgärlerini bu ýurtdan çykarmak baradaky hereketini ýazgarmak bilen bu Afrika ýurduny "Hapa suwlar guýysy" diýip atlandyrdy.
Trumpyň ogly Twitterde Baýdeniň 16,000 amerikalyny uruş sebäpli bölünen garyp we "hajathananyň guýysynda" galdyrandygyny ýazdy.
Trumpyň oglunyň Sudan baradaky beýany sudanlylaryň reaksiýasyna we gahar-gazabyna sebäp boldy, köpüsi oňa we ABŞ-a güýçli hüjüm etdi we Sudandaky häzirki ýagdaý üçin Amerikany günäkärlediler.