Apr 30, 2023 21:10 Asia/Ashgabat
  •  Sudanyň harby Çaknyşyklary

Sudanda Çaknyşyklar Sebäpli 460 Adam Ýogaldy.

 Sudanyň Saglygy goraýyş ministrligi, harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda 15-nji aprelde başlan çaknyşyklarda häzire çenli 460 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ministrlik tarapyndan berlen beýannamada, 11 welaýatda dowam edýän çaknyşyklarda 4 müň 63 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, soňky iki günde ýaralananlaryň we ýogalanlaryň sanynyň azalandygy bellenildi.

Hassahanalaryň kadaly ýagdaýda işlemegi üçin degişli çäreleriň görlendigi ýatladyldy.

Sudanyn paýtagty Hartumda we beýleki şäherlerde 15-nji aprelde ir ertir Sudanyň harby goşuny bilen HDK harby güýçleriniň arasynda çaknyşyklar başlapdy.

Harby goşun bilen HDK-nyň arasynda, “HDK-nyň dolulygyna harby goşunyň hataryna goşulmagyny” göz öňünde tutýan harby howpsuzlyk reformasy meselesinde birnäçe aý dowam eden düşnüşmezlik çaknyşyklara öwrülipdi.

Ýakynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Sudanda  Amerikanyň diplomatik ulag kerwenine od açylandygy habar beripdi.

BBJ-de berlen habara görä, G-7-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa giden Blinken, Sudanyň paýtagty Hartumda başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçdi.

Amerikanyň diplomatik ulag kerwenine od açylandygyny aýdan Blinken, wakada adam pidasynyň çekilmändigini emma hüjümiň kabul edilmesizdigini belledi.

Blinken, hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalandygyny nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi hem Sudanda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändiklerini, Hartum howa menziliniň ýapylandygyny belledi.

 

 

 

Tags