Şwesiýada Gurhany kemsitmegi üçin tussag karary berildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21574-Şwesiýada_gurhany_kemsitmegi_üçin_tussag_karary_berildi
Şwesiýadaky Malmö prokuraturasy ýaňy-ýakynda Mukaddes Gurhany kemsiden Daniýaly-Şwesiýaly syýasatçy "Rasmus Paludan" üçin tussaglyk karary berdi.
(last modified 2023-05-05T04:25:12+00:00 )
May 05, 2023 09:25 Asia/Ashgabat
  • Şwesiýada Gurhany kemsitmegi üçin tussag karary berildi

Şwesiýadaky Malmö prokuraturasy ýaňy-ýakynda Mukaddes Gurhany kemsiden Daniýaly-Şwesiýaly syýasatçy "Rasmus Paludan" üçin tussaglyk karary berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, ýanwar aýynda Paludan Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýerleşýän Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde Mukaddes Gurhanyň bir nusgasyny ýakypdyr.

Bu çäre polisiýanyň goragynda we Şwesiýanyň häkimiýetleriniň rugsady bilen edildi.

Bir hepde soň Paludan Mukaddes Gurhanyň başga bir nusgasyny Daniýadaky metjidiň öňünde ýakdy.

Bu sagçy syýasatçynyň kemsidiji hereketi bütin dünýädäki musulmanlaryň gaharyny getirdi we giňden ýazgaryldy.