Putin: Günbataryň maksady Russiýany dargatmakdyr
(last modified Tue, 09 May 2023 09:47:50 GMT )
May 09, 2023 14:47 Asia/Ashgabat

Parada gatnaşan Russiýanyň prezidenti, global siwilizasiýanyň uly özgerişleriň bosagasynda durýandygyna yşarat edip Günbataryň Russofobiýa maksady Russiýanyň dargamagydygyny aýtdy.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş 2022-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda başlandy. Şondan bäri Günbatar ýurtlary Ukrainany ýaraglandyrmak arkaly bu harby gapma-garşylygy güýçlendirdi.

Gyzyl meýdançada, Beýik Watançylyk urşunda ýeňşiň 78 ýyllygyny belleýän parad, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda harby enjamlar sütüniniň geçmegi bilen tamamlandy.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Günbatar ýurtlarynyň syýasatyny tankytlady we Günbatar faşistleriň nädip ýeňilendigini ýatdan çykardy we häzirki wagtda Russiýa-fobiýa ýolbaşçylyk edýär diýdi.

Putin sözüniň dowamynda Russofobiýanyň maksady ýurdumyzy bölmekdir; Günbatar elitalary özleriniň taýsyzdygyna ynanýarlar we ony goramak üçin göreşýärler diýdi.

Putin bu wakalara ünsi çekmek bilen "Russiýa garşy hakyky söweş başlandy, ýöne terrorçylygy ýeňip geçşimiz ýaly Donbassyň halkyny hem gorarys" -diýdi.

Russiýanyň prezidenti şeýle-de "Ukraina döwleti agdarylyşk üçin we Günbataryň elinde söwda guraly boldy we ähli maşgalalar Beýik Watançylyk urşumyzyň gahrymanlaryny ýada salýar" -diýdi.