Türkiyede ertir saýlawlar geçiriler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21690-türkiyede_ertir_saýlawlar_geçiriler
Türkiye prezident we parlament saýlawlary üçin ertir ses berer.
(last modified 2023-05-13T11:55:02+00:00 )
May 13, 2023 16:55 Asia/Ashgabat
  • Türkiyede ertir saýlawlar geçiriler

Türkiye prezident we parlament saýlawlary üçin ertir ses berer.

Ýurt derejesinde Türkiyäniň wagty bilen sagat 08:00-da başlajak ses bermek işleri sagat 17:00-da tamamlanar. 

Şu gün Türkiyäniň wagty bilen sagat 18:00-da başlajak propaganda gadagançylygy 24 sagat dowam eder. 

Ertir saýlaw sandyklary ýapylýança çenli öz düzüminde propaganda jemleýän habarlar we ýaýlymlar bolmaz. 

Türkiyäniň wagty bilen sagat 21:00-dan soň ýaýlymlar berilmäge başlanar, Ýokary Saýlaw Geňeşi şonuň sagadyny irki wagta süýşürip biler. 

Prezident saýlawy býulleteninde Rejep Taýýip Erdogan, Muharrem Inje, Kemal Kylyçdarogly we Sinan Oganyň atlary bolar. Emma dalaşgärlerden Muharrem Inje 11-nji maýda prezident saýlawyndan çekilendigini habar berdi. 

Parlamentiň düzümini kesgitlemek üçin geçiriljek deputat saýlawlaryna bolsa 24 syýasy partiýa bilen Türkiyede 151 garaşsyz dalaşgär özara bäsleşer. 

Prezident Erdogan Stambul şäheriniň Sanjaktepe etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Ähli eneleriň Eneler gününi gutlan Erdogan, maşgalanyň mukaddesligine ynanýandyklaryny habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Watana, millete, döwlete, ummata peýdaly ýaşlar ýetişdirmegiň buýsanjyny başlaryndan geçirýän eziz enelere, Afrikadan Aziýa, Balkanlardan Türkistana çenli ýüregi häzirki wagtda biz bilen bolan köňül geografiýamyzdaky enelere bu ýerden salam ugradýaryn" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 40 bäri alyp barýan göreşi şol taryhy hasaplaşmanyň bir bölegi hökmünde garaýarys" diýip beleldi. 

Ýurduň serhetleriniň çägindäki terrorçylary dolulygyna ýok etmek nokadyna gelendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Maksadymyz Respublikamyzyň 100-nji ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanmadan Türkiyäniň içinde eli ganly terrorçy goýmazlykdyr. Şol bir ýagdaýda serhetlerimiziň çäginden daşaryda hem şol hyýanatçylara pursat bermeris" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan Türkiyäniň Asyryny gurýançalar çenli arman-ýadaman zähmet çekjekdiklerini beýan etdi.