“Ukraina Bermek Üçin Ýeterlik F-16 Uçarymyz Ýok”
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21762-ukraina_bermek_Üçin_Ýeterlik_f_16_uçarymyz_Ýok
Duda, “Polşanyň elinde Ukraina bermek üçin ýeterlik F-16 uçary ýok” diýdi.
(last modified 2023-05-17T13:30:31+00:00 )
May 17, 2023 18:30 Asia/Ashgabat
  • “Ukraina Bermek Üçin Ýeterlik F-16 Uçarymyz Ýok”

Duda, “Polşanyň elinde Ukraina bermek üçin ýeterlik F-16 uçary ýok” diýdi.

Polşanyň Prezidenti Andrež Duda, Ukraina bermek üçin ýeterlik F-16 uçarlarynyň ýokdygyny aýtdy.

Polşanyň “PAP” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Duda, İslandiýanyň paýtagty Reýkýawikde geçirlen Ýewropa Geňeşiniň liderler maslahatynda eden çykyşynda, Polşanyň gündogar goňşusy Ukraina harby taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Ukraina üçin F-16 uçarlarynyň satyn alynmagy meselesinde halkara koalisiýa döredilen halatynda Polşanyň ukrainaly uçarmanlara tälim bermäge taýardygyny aýdan Duda, “Polşanyň elinde Ukraina bermek üçin ýeterlik F-16 uçary ýok” diýdi.

Polşa häzire çenli Ukraina 8 sany MiG-29 harby uçaryny berdi we ýene-de 6 uçar berer.

Emma ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) Ukraina beriljek 31 sany M1 Abrams tankyň front liniýasyna ugradylmazdan ozal, Ukrainanyň harbylaryna tälim berilmek maksady bilen Germaniýanyň Grafenwýor şäherine ugradylandygyny mälim etdi. 

Pentagonyň Metbugat geňeşçisi general Patrik Raýder, ozal beriljekdigi barada wada berilen tanklarynyň Germaniýanyň Grafenwýor şäherine baryp ýetendigini aýan etdi. 

Amerikaly general Ukraina degişli tehniki hyzmat we tank işgärleriniň hem öňümizdäki hepdelerde tank tälimini almak üçin Germaniýa geljekdigini habar berdi. 

Patrik Raýder: "Ukrainaly ekipaž we tehniki hyzmat üçin niýetlenen şol tälim pgogramma, olaryň M1 Abrams tanklaryny täsirli ýagdaýda ulanmaklary we Ukrainanyň halkynyň goralmagy babatyndaky tankydy rollara taýarlanmagy maksat edinýär" diýip nygtady

ABŞ döwrebap sowutly we ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan tanklary ýanwar aýynda gowşurjakdygyny habar beripdi. 

Pentagon üpjünçilik tapgyryny tizleşdirmek üçin mart aýynda ABŞ-nyň goşunynyň inwentarynda bolan M1A1 Abrams tanklaryny täzeläp Ukraina bermek barada karara gelipdi. 

ABŞ-nyň hökümeti şol tanklaryň iň giýç güýz aýlarynda Ukraina frontynda bolup biljekdigini çak edýär.