Germaniýanyň aňtaw gullugynyň başlygy Putiniň güýjüni ykrar etdi
Germaniýanyň aňtaw gullugynyň (BND) başlygy "Bruno Kall" Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň dolandyryşynyň gowşamaýandygyny we Ukrainadaky söweşi dowam etdirmek üçin ýeterlik ok-däri we enjamyň bardygyny aýtdy.
“Doýçe Welle” habar gullugynyň habaryna görä Kall Duşanbe Federal Howpsuzlyk Syýasat akademiýasynda eden çykyşynda: "Rus ulgamynda boşluk ýok" -diýdi.
Germaniýanyň aňtaw gullugynyň başlygy rus goşunyna çagyrylan täze esgerlere salgylanyp, ýurduň urşy dowam etdirmek üçin ýeterlik enjamlaryň we ok-därileriň bardygyny we "henizem uzak möhletli söweşe ukyplydygyny" aýtdy.
Kall, Ukrainadaky urşuň alnyp barylmagyny köpçüligiň tankyt etmeginiň diňe rus jemgyýetindäki düşünişmezliklerdigini we Putine çynlakaý howp salmaýandygyny öňe sürdi.
Kall, Ukrainadaky urşuň alnyp barylmagy baradaky köpçüligiň tankyt etmeginiň diňe rus jemgyýetindäki düşünişmezliklerdigini we Putine çynlakaý howp salmaýandygyny öňe sürdi.
Germaniýanyň aňtaw gullugynyň başlygy, Günbatar Ukrainany guramaçylykly goldamasa, Putiniň uzak möhletleýin strategiýasynyň dowam edip biljekdigini öňe sürdi.