Ýewropa futbolynda jynsparazlyk
Ispaniýanyň futbol ligasynda Braziliýaly bir oýunçyny kemsitmeler bütin dünýäde güýçli tankytlary döretdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni gije Real Madrid bilen Walensiýanyň arasyndaky futbol oýnunda, Ispaniýanyň Mestalla stadionynda Real Madridiň Braziliýaly ýyldyzy Winisius Jnior Walensiýa janköýerleriniň jynsparazlyk kemsidilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.
Jynsparazlyk, şu günler adam deňligi we hemmeler üçin adam hukuklary şygarlaryna garamazdan köne ýaragdyr we ol ýene-de günbatar dünýäsindäki reňkli adamlara garşy ulanylýar.
Bu diskriminasiýanyň mysallary köp we aç-açan bolsa-da, ýöne soňky günlerde Ýewropadaky sport dünýäsi jynsparazlygyň iň ajy mowzuklaryndan birini dünýä gözüniň öňünde görkezdi.
Real Madrid bilen Walensiýanyň arasyndaky oýunda ispan janköýerleri Braziliýanyň ýyldyzy "Winicius Junior" -e jynsparazlyk bilen hüjüm etdiler, şonuň üçin bu kemsitmeler oýnuň dowamynda Junioryň gynanjyny gizläp bilmedi we gözýaşlary akdy.
Bu ýagdaý dünýäniň köp ýurtlarynda halkyň reaksiýa görkezmegine we nägileliginik bildirmegine sebääp boldy. Mundan başga-da, dürli ýurtlaryň käbir resmileri bu gylyk-häsiýeti gorkak hasapladylar we beýle hereketleriň öňüniň alynmagyny talap etdiler.
Braziliýanyň prezidenti Lula da Silwa öz watandaşyny goldady we şeýle diýdi: Häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylaryndan biri bolan bir garyp oglanyň, gidýän her stadionynda kemsidilmegi adalatly däldir.
Bu wakadan soň Benzema, Mbappe, Ederson we Neýmar ýaly köp futbolçy we Braziliýanyň Flamengo ýaly klublary Walensiýa janköýerleriniň jynsparaz şygarlaryna garşy 22 ýaşly Winni goldadylar.