Meşhur rus teoretigi: Ymam Homeýni (RA) ýüreklere buýruk berýärdi
Meşhur rus filosofy we teoretigi Ymam Homeýnini (RA) ýüreklere baş serkerde hökmünde buýruk beren beýik akyldar hasaplady.
1402-nji ýylyň 14-nji Hordady Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň aradan çykmagynyň otuz dördünji ýyllygyna gabat gelýär.
Meşhur rus filosofy we teoretigi Aleksandr Dugin, Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjynyň aradan çykmagynyň ýyl dönümi mynasybetli, Moskwada "Eýranpress" žurnalisti bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Ymam Homeýniniň (RA) hatyrasyna hormat goýdy we ony beýik akyldar hasaplady.
Bu rus akyldary dünýäniň dürli sebitlerinde üznüksiz uruşlaryň ýüze çykýandygyna yşarat edip birnäçe ýyl bäri bu söweşleriň maliýe serişdeleri, ýaraglar we ýurtlaryň emläkleri bilen hiç hili baglanyşygy ýokda eýsem häzirki wagtda uruş ideýalaryň we garaýyşlaryň üstündedir diýdi.
Köpler Russiýanyň karar berýänlerinden biri hasaplaýan Aleksandr Dugin Yrak bilen Eýranyň arasyndaky söweşe we Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşe salgylanmak bilen Eýranyň beýik lideri Ymam Homeýni (RA) ýaly baş serkerdeler biziň dini we ruhy şahsyýetlerimizdir diýdi.
Aleksandr Dugin şeýle-de soňky söweşleri ahyrzamanlyk söweşleriň we Hezreti Mahdiň aýaga galmagynyň başlangyjy hasaplady we şeýle diýdi: Hakykat bilen batylyň arasyndaky söweşde Ymam Homeýni hakykat güýçlerine ýolbaşçylyk edýärdi.