Guterreş emeli intellektiň harby maksatlar üçin ulanylmagyna alada bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21976-guterreş_emeli_intellektiň_harby_maksatlar_üçin_ulanylmagyna_alada_bildirdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary emeli intellektiň ýaragly ulanylmagyny uly alada hasaplady.
(last modified 2023-06-06T05:00:25+00:00 )
Jun 06, 2023 10:00 Asia/Ashgabat
  • Guterreş emeli intellektiň harby maksatlar üçin ulanylmagyna alada bildirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary emeli intellektiň ýaragly ulanylmagyny uly alada hasaplady.

IRNA-nyň habaryna görä, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş duşenbe güni emeli intellektiň ösdürilmegine ünsi çekip, harby maksatlar we maksatnamalar üçin ulanylmagyna alada bildirdi.

Emeli intellekt sebäpli döreýän töwekgelçilikleri azaltmak üçin hökümetleriň hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, Guterreş bu hadysanyň bilim we aragatnaşyk ýaly köp ugurlara ägirt uly täsir etjekdigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary emeli intellektiň täsiriniň geljeginiň entek aýdyň däldigini aýtmak bilen emeli intellektiň öndürijiligi, haýran galdyryjy ösüşi we ösüşi çaltlaşdyrmaga ukyplydygyna garamazdan, şol bir wagtyň özünde-de çynlakaý howplar we ahlak kynçylyklary döredýär diýdi.

Şol bir wagtyň özünde BMG hünärmenleri emeli intellekt esasly içalyçylyk we dezinformasiýa programmalarynyň artýandygyny duýdurdylar we bu ugurda gyssagly kanunçylygyň zerurdygyny bellediler.