Jun 24, 2023 13:42 Asia/Ashgabat
  • Putin: Ýurtda içerki dönüklige şaýat bolýarys

Russiýanyň prezidenti, "Wagner" topary bilen rus goşunynyň arasyndaky dartgynlyga ilkinji reaksiýasynda bu ýurduň içerki "dönüklik" bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

Wagner toparynyň serkerdesi Ýewgeniý Prigožin anna güni hiç hili subutnama bermän rus goşunynyň Wagneriň iki müň goşunyny öldürendigini öňe sürdi.

Prigožin rus dikuçarynyň hem urulyp ýere gaçyrlandygyny hem habar berdi.

Rus häkimiýetleriniň Prigožini ýaragly gozgalaň guramakda aýyplap, oňa garşy kazyýet işi açandygy aýdylýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu şenbe güni telewideniýede eden çykyşynda duşmanlaryň ýaramaz peýdalanmagyna sebäp bolýan agzalalyklary aýyrmaga çagyrdy.

Russiýanyň prezidenti bu çykyşynda Wagner toparynyň "gozgalaňyny" Ukraina söweşinde ölen güýçleriň belent maksatlaryna dönüklik hökmünde tanatdy.

Putin şeýle-de "Wagner" söweşijilerine Russiýanyň kyn söweş bilen ýüzbe-ýüz bolup duran wagtynda jenaýat başdan geçirmelerine ýol bermezlik barada duýduryş berýärin ,ýaragly gozgalaň arkadan pyçaklamakdyr we biz özümizi gorarys diýip nygtady.

Russiýanyň prezidenti Wagner güýçleriniň we bu güýçleriň serkerdesiniň pozisiýalaryny we hereketlerini ýazgaryp, "Şahsy bähbitler ýurda dönüklige sebäp boldy we biz ýurdy we raýatlarymyzy goraýarys. Içerki bidüzgünçilikler ýurt üçin howply howp we rus halkynyň ýüzine şarpykdyr diýdi.

Tags