Putin Gurban baýramyny gutlady
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu ýurduň musulmanlaryny Gurban baýramy bilen gutlady.
Yslam Dini Russiýa Respublikasynda ikinji orunda durýar. Yslamyň Russiýa girizilmeginiň taryhy Kamary senenamasynyň 8-nji asyryna degişlidir we netijede häzirki Russiýada takmynan 15-23 million musulman ýaşaýar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Gurban baýramy mynasybetli, musulmanlary bu amatly gün bilen gutlaýan Putin, Russiýanyň Ukrainadaky ýörite harby operasiýasy wagtynda musulman söweşijileriniň batyrlygyny we edermenligini ýatlatdy.
Bu harby operasiýa Çeçenistan we Tatarstan respublikalaryndan musulmanlar gatnaşýar.
Gurban baýramynda Hudaýyň öýüni zyýarat eden zyýaratçylar Hudaýyň buýrugy we Onuň razylygy üçin gurbanlyk çalýarlar we Hudaýyň beýik pygamberi Hezreti Ybraýymyň (as) ýatlamasyny dowam etdirýärler.