Şwesiýada Gurhany kemsitmek baradaky erbet herekete Yslam dünýäsiniň reaksiýasy
(last modified Fri, 30 Jun 2023 16:05:54 GMT )
Jun 30, 2023 21:05 Asia/Ashgabat
  •   Şwesiýada Gurhany kemsitmek baradaky erbet herekete Yslam dünýäsiniň reaksiýasy

Şwesiýada Gurhany Kerimy gaýta-gaýta kemsitmek Yslam ýurtlaryndaky hökümetleriň, adamlaryň, analitikleriň we ýolbaşçylaryň giň seslenmesi bilen hemra boldy.

Çarşenbe güni (28-nji iýunda) , Stokgolmda "Salwan Momika" (37 ýaşy) atly bir şwesiýaly, Gurban baýramynyň ilkinji gününde Gurhanyň bir nusgasyny ýyrtyp, bu şäheriň merkezi metjidinde bu mukaddes kitaby oda berdi.Emma  Salwan Momikanyň bu hereketi Şwesiýanyň hökümetiniň goldawy bilen edildi. Bu aýylganç jenaýat üçin ýaşyl yşyk Şwesiýanyň kazyýeti tarapyndan berildi. Iki hepde öň Şwesiýanyň polisiýasy Stokgolmda Mukaddes Gurhanyň oda beriljek iki sany demonstrasiýanyň boljakdygyny we polisiýanyň bu demonstrasiýalara rugsat bermegine garşydygyny aýtdy, ýöne ýokarda agzalan kazyýet polisiýanyň bu kararyny ret etdi.  

Şwesiýada ýaşaýan derňewçi žurnalist Walid al-Makdadi Russiýanyň kanalynda ýaýlyma berlen "Iň oňat gepleşik" programmasynda,"Salwan Momika Yragyň demirgazygyndaky Neýnäwa welaýatyndan we liberal, ateist we ekstremist adamdyr; Ol Siriýanyň Demokratik partiýasynyň agzasy we Neýnäwa welaýatyny DAEŞ-yň basyp alyşlaryndan azat etmek üçin döredilen "Sakour al-Serýan" atly ýaragly toparyň serkerdesidir diýdi. Bu žurnalistiň sözlerine görä, Salwan Momika 2017-nji ýylda uruş jenaýatlarynda aýyplanyp tussag edilipdi, soň Günbatar ýurtlarynyň gatyşmagy bilen boşadyldy we Şwesiýa gitdi, indi bolsa bu ýurduň aşa ekstremist partiýalarynyň birine goşuldy diýip aýdandyr.

Gurhany kemsitmek, bütin şwesiýaly we dünýä musulmanlaryň   dini hukuklaryny bozmagyň aýdyň mysaly bolup, musulmanlaryň hökümetlerden we halkdan häkimiýetlere çenli bitewi pozisiýasyna sebäp boldy. Yrakly ýüzlerçe raýat Şwesiýanyň Bagdatdaky ilçihanasynyň öňünde nägilelik ýörişi geçirdi we Şwesiýanyň ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyny talap etdi.

Käbir yslam hökümetleri hem Gurhanyň kemsidilmegine reaksiýa bildirdiler. BAE-nyň Daşary işler ministrligi Şwesiýanyň ilçisini çagyranda, Şwesiýa hökümetiniň ekstremist elementlere rugsat bermegi we Gurhanyň bir nusgasyny ýakmagy sosial gymmatlyklara hormatyň ýokdugyny görkezýär diýip yglan etdi.

 

Tags