Azerbaýjan Respublikasynda birneme güýçli ýer titremesi boldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i22332-azerbaýjan_respublikasynda_birneme_güýçli_ýer_titremesi_boldy
Birnäçe sagat ozal Azerbaýjan Respublikasynyň Haçmaz sebitinde 5,7 ball ululykda ýer titremesi boldy.
(last modified 2023-07-04T04:27:45+00:00 )
Jul 04, 2023 09:27 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasynda birneme güýçli ýer titremesi boldy

Birnäçe sagat ozal Azerbaýjan Respublikasynyň Haçmaz sebitinde 5,7 ball ululykda ýer titremesi boldy.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, bu ýer titremesi duşenbe güni agşam 23: 31-de Azerbaýjan Respublikasynyň Haçmaz sebitinde 10 km çuňlukda bolup geçdi we pidalaryň we bolup biljek ýitgileriň mukdary barada hiç hili habar gelip gowuşmady.

Haçmaz ýer titremesi Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň käbir sebitlerinde duýuldy.

Eýrandan başga-da bu ýer titremesi Türkmenistanda, Gazagystanda, Russiýada, Gürjüstanda we Ermenistanda-da duýuldy.

Haçmaz Azerbaýjan respublikasynyň demirgazyk-gündogarynda, Hazar deňziniň günbatar kenarynda we Russiýanyň Dagystany bilen serhetleşýär.