Alžir: Birleşen Milletler Guramasynyň ezilenlere goldaw bermek ukyby ýok
Alžiriň Daşary işler ministri BMG indi dünýäniň ezilenlerine kömek edip bilmejekdigini aýtdy.
Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Alžiriň Daşary işler ministri Ahmed Ataf düýn çarşenbe güni Goşulmazlyk hereketine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäniň ezilenlerine kömek kepillendirip bilmejekdigini we olar üçin gaçybatalga bolup bilmejekdigini mälim etmek bilen, Goşulmazlyk hereketiniň taryhy borçlary bar we ýokary syýasy borçlaryny ýerine ýetirmelidir diýdi.
Bu ýygnakda "Ahmed Ataf" Goşulmazlyk hereketini hyzmatdaşlyga esaslanýan halkara gatnaşyklar ulgamy hasaplady.
"Goşulmazlyk hereketi" agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň "Goşulmazlyk hereketi; ýüze çykýan kynçylyklara garşy durmak we tutanýerli bolmak" ady bilen ýygnagy düýn çarşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuwyň ýygnak merkezinde başlandy we şu gün hem dowam edýär.