Moskwa: NATO Hytaýdan negatiw keşbini döretmäge synanyşýar
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasyna (NATO) agza ýurtlaryň Hytaýdan negatiw keşbini görkezmäge synanyşýandygyny aýtdy.
NATO agza ýurtlaryň ýolbaşçylary 11-nji iýul, sişenbe güni Litwanyň paýtagty Wilniusda geçirilen ýygnakda hytýyfobiýany öjükdirmegiň gün tertibini kesgitlediler.
Ýaş žurnalistler klubynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Mariýa Zaharowa" NATO-nyň Hytaýdan negatiw keşbini döretmek üçin ädim ätýändigini aýtdy.
Zaharowa sözüniň dowamynda NATO Hytaýyň ýoýulan keşbini döretmek arkaly Pekiniň dünýä halkyna abanýan howp mentalitetini kesgitlemek isleýär diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de NATO Hytaý baradaky bu düşünjäni döretmek bilen, Pekiniň Günbatara abanýan howpy barada gürleşmek üçin ýer taýynlamaga synanyşýandygyny aýtdy.
Bu aralykda, Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Žang Jun, NATO-nyň Pekine garşy alyp barýan pozisiýasyna jogap berdi we agzalarynyň bu bileleşigi giňeltmekde artykmaçlygyny tankytlady we NATO-nyň ähli problemalaryň çeşmesidigini aýtdy.