Braziliýa Ukrainadaky söweşiň uzaldylmagyny tankytlaýar
Braziliýanyň prezidenti Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşigi we Latyn Amerikasy sammitinde eden çykyşynda dünýäniň Ukrainadaky söweşden ýadap bizar bolandygyny aýtdy.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşden on ýedi aý töweregi wagt geçdi we günbatarlylar Kiýewe has köp ýarag iberip, Russiýa we Ukrainanyň arasyndaky söweşi dowam etdirmäge synanyşýarlar.
Bu döwürde, NATO agzalary Ukraina 165 milliard dollardan gowrak harby kömek we ýarag iberdiler bu bir ýagdaýdadyr welin bu ýurtlaryň köpüsi çynlakaý maliýe kynçylyklary we inflýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýandyrlar.
Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Brýussel Ýewropa Bileleşiginiň we Latyn Amerikasy we Karib deňziniň bileleşiginiň (CELAC) sammitini geçirdi, şol ýerde Braziliýanyň prezidenti Luiz Inasio Lula da Silwa Russiýa garşy gödek sözler bilen ylalaşmady we Dünýä we ähli ýurtlaryň bu konfliktden bizar bolandygyny aýtdy.