Ymam Huseýiniň (AS) mekdebi; Bilim we yhlas ummanydy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i22606-ymam_huseýiniň_(as)_mekdebi_bilim_we_yhlas_ummanydy
Ganadaky tanymal sünni alymlaryndan biri, Ymam Hüseýiniň (AS) durmuşyny öwrenmegiň Yslam ymmaty üçin zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2023-07-26T10:29:12+00:00 )
Jul 26, 2023 15:29 Asia/Ashgabat

Ganadaky tanymal sünni alymlaryndan biri, Ymam Hüseýiniň (AS) durmuşyny öwrenmegiň Yslam ymmaty üçin zerurdygyny aýtdy.

"Ymam Komil Abu Bakr", Eýranpress žurnalistine beren interwýusynda Karbala galkynyşynyň diri saklanmagynyň wajyplygy barada gürrüň gozgap Ymam Hüseýiniň (AS) mekdebiniň bilim, yhlas we pidakärlik ummanydygyny aýtdy.

Ganadaky bu sünni akyldar Ymam Hüseýiniň (AS) mekdebiniň Yslam taryhynda iň güýçli we iň möhüm sapakdygyny aýtdy.

Ymam Komil Abu Bakr, Ymam Hüseýiniň (AS) göreşiniň Yslam taryhynda möhüm döwürdigini, sebäbi ömrüniň we Aşura güni şehit bolmagynyň sapaklarynyň köpdügini aýtdy.

Ol şeýle-de Ymam Hüseýiniň (AS) Ýazidiň zulmlaryna garşydygyny we Kufe halkynyň Ymam Hüseýini goldaýandygyny aýtdy.