Ukrainanyň pilotsyz gaýyklarynyň rus flotuna garşy hüjüminiň şowsuzlygy
Russiýanyň Goranmak ministrligi şu gün Gara deňiz flotunyň harby gämilerini nyşana alýan ukrainanyň pilotsyz gaýyklarynyň hüjümlerini şowsyz edendigini mälim etdi.
Sputnik habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Gara deňiz flotunyň gämilerine pilotsyz gaýyklar bilen hüjüm edendigini habar berdi.
Bu Ministrlik Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň üç sany pilotsyz motorly gaýyk bilen Sergeý Kotowa we Wasiliý Bykowa atly patrul gämilerine hüjüm etmek üçin şowsuz synanyşyk edendigini habar berdi.
Bu hüjüm Sewastopolyň 340 km günorta-günbatarynda amala aşyryldy.
Bu Ministrlik şeýle-de bu hüjümiň öňüni almak wagtynda üç sany pilotsyz gäminiň hem rus harby gämileri tarapyndan ýok edilendigini aýtdy.