Sudanda açlyk Howpy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i22718-sudanda_açlyk_howpy
Birleşen Milletler Guramasy Sudanda ýetip gelýän açlyk barada duýduryş berdi.
(last modified 2023-08-03T04:19:32+00:00 )
Aug 03, 2023 09:19 Asia/Ashgabat
  • Sudanda açlyk Howpy

Birleşen Milletler Guramasy Sudanda ýetip gelýän açlyk barada duýduryş berdi.

Sudanda ýaragly çaknyşyklar 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde goşun güýçleri bilen güýç ugrundaky çalt reaksiýa güýçleriniň arasynda başlandy we bu ýurtdaky raýat urşuny bes etmek we gapma-garşy taraplary gepleşik stoluna getirmek üçin halkara araçylyklar netije bermedi.

IRNA-nyň çarşenbe güni gijeki hasabatyna görä, Birleşen Milletler Guramasy çarşenbe güni Sudanda konfliktleriň dowam etmeginiň bu ýurdy belli bir açlyk howpuna saljakdygyny duýdurdy.

Bu meselede Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy "FAO" yglan etmegine görä, Sudanyň ilatynyň 42 göteriminden gowragy, ýagny 20 million 300 müňden gowrak adamy bu ýurtda azyk howpy bilen ýüzbe-ýüzdirler.

Bu guramanyň hasabaty boýunça, Günbatar Darfurdaky ilatyň ýarysyndan gowragy "ýiti açlygy" başdan geçirýärler.

Halkara Migrasiýa Guramasynyň soňky statistikasy Sudandaky konfliktlerden soň ýurduň içinde üç milliondan gowrak adamyň başga ýerlere göçmäge mejbur bolandygyny we ýene bir milliona golaý adamyň serhetlerinden goňşy ýurtlara gaçybatalga berendigini görkezýär.