Niamey-de Niger halky agzybirligini tomaşa goýdy
Niger agdarlyşygy meýilleşdirijileriniň häkimiýetden aýrylmagy we demokratik hökümetiň dolanmagy üçin, Günbatar Afrika döwletleri bileleşiginiň (ECOWAS) ýedi günlük ultimatumy gutarandan soň, Nigeriň ilaty köpçülikleýin ýöriş geçirdiler.
Niameýdäki “Eýran Press” habarçysynyň habaryna görä, ýekşenbe güni agşam Nigerdäki “General Seyni Countche” stadionyna Nigeriň halky, esasanam ýurduň ýaşlary ýygnandylar we Nigerde bolup biljek harby hüjüme garşy agzybirligini görkezdiler.
Nigerli demonstrantlar öz ýurtlaryndaky häzirki syýasy ýagdaýdan kanagatlanýandygyny yglan edip, Günbatar imperializmine garşy durmaga we söweşmäge ünsi çekdiler we mümkin bolan harby gatyşyklardan öz ýurduny goramaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Geçen hepde Nigeriýanyň paýtagty Abuja şäherinde Günbatar Afrika Bileleşiginiň agza döwletleri gyssagly ýygnak geçirmek bilen, Nigerdäki döwlet agdarylyşygy meýilleşdirýänlere bu Afrika ýurdunda demokratiýanyň dikeldilmegi üçin häkimiýeti tabşyrmak üçin bir hepde wagt berdi.
Fransiýa we Amerika hem Günbatar Afrika ýurtlarynyň liderleriniň Niger baradaky bu syýasatyny goldadylar, ýöne soňky birnäçe günüň dowamynda Nigeriň ilaty dürli ýörişler geçirip, fransuz we amerikan goşunlarynyň ýurtdan çykmaklaryny we Fransiýanyň ilçisiniň Niamiden çykarylmagyny nygtadylar.