Günbatar Afrika ýurtlarynyň Nigerdäki döwlet agdarylyşygy barada ýygnagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i22814-günbatar_afrika_ýurtlarynyň_nigerdäki_döwlet_agdarylyşygy_barada_ýygnagy
Günbatar Afrika ýurtlarynyň wekilleri Nigeriýanyň paýtagty Abuja şäherinde geçirilen ýygnaga gatnaşdylar we Nigerdäki soňky howpsuzlyk wakalaryna syn berdiler.
(last modified 2023-08-11T07:38:31+00:00 )
Aug 11, 2023 12:38 Asia/Ashgabat

Günbatar Afrika ýurtlarynyň wekilleri Nigeriýanyň paýtagty Abuja şäherinde geçirilen ýygnaga gatnaşdylar we Nigerdäki soňky howpsuzlyk wakalaryna syn berdiler.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Nigeriň prezidentiniň garawul güýçleri ýurduň prezidenti "Muhammet Bazumy" çarşenbe güni (4-nji Mordad - 26-njy iýul) prezident köşgüniň içinde tussag edip, soň bolsa wezipesinden aýyrdylar.

Anna güni (6-njy Mordad - 28-nji iýul) Nigerde döwlet agdarylyşygy meýilleşdirýänler general Abdol Rahman Çianini ýurduň geçiş geňeşiniň başlygy edip bellediler.

Şondan soň Nigeriýada döwlet agdarylyşygy meýilleşdirýänler 17-nji Mordadda ykdysatçy we öňki maliýe ministri Lamina Zeina Ali Mahmanyň harby agdarlyşykdan soň ýurduň premýer-ministri wezipesine bellenendigini habar berdiler.