Putin BRICS sammitine gatnaşýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i22950-putin_brics_sammitine_gatnaşýar
Russiýanyň prezidentine garşy halkara höküm çykarylandan soň, ol wideo konferensiýasy arkaly BRICS sammitine gatnaşar.
(last modified 2023-08-21T04:00:30+00:00 )
Aug 21, 2023 09:00 Asia/Ashgabat
  • Putin BRICS sammitine gatnaşýar

Russiýanyň prezidentine garşy halkara höküm çykarylandan soň, ol wideo konferensiýasy arkaly BRICS sammitine gatnaşar.

"Sky News" teleýaýlymynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidentine garşy halkara höküminiň çykarylmagy we Žohannesburg şäherine barandan soň Putiniň tussag edilmegi baradaky islegler sebäpli Putin Günorta Afrika üçin kynçylyk döremez ýaly bu sammite wideo konferensiýasy arkaly gatnaşmagyň yzyndadyr.

Şu günler Günorta Afrika, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putinden başga, BRICS-e agza ýurtlaryň liderlerini kabul etmäge taýýarlanýar.

Bu ýylky ýygnakda BRICS täsirini giňeltmäge we global syýasatyň ugruna çykmaga synanyşýar.

Bu ýylky BRICS sammiti 22-23-nji awgustda Žohannesburg tarapyndan gurnalan "BRICS we Afrika, çalt ösüş, durnukly üznüksizlik we doly dürlülik üçin hyzmatdaşlyk" şygary bilen geçiriler.