Putin rus serkerdeler bilen duşuşyk geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i22968-putin_rus_serkerdeler_bilen_duşuşyk_geçirdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Ukraina serhediniň golaýyndaky Rostow-na-Donu şäherindäki harby ştaba baryp, ol ýerde rus serkerdelerden maglumat aldy
(last modified 2023-08-22T06:28:21+00:00 )
Aug 22, 2023 11:28 Asia/Ashgabat
  • Putin rus serkerdeler bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Ukraina serhediniň golaýyndaky Rostow-na-Donu şäherindäki harby ştaba baryp, ol ýerde rus serkerdelerden maglumat aldy

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin Ukrainadaky ýörite harby operasiýadan jogapkär harby toparyň Rostow-na-Donu şäherindäki harby ştabyna baryp gördi. 

Putin ol ýerde rus serkerdelerden maglumat aldy, Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow hem özüne hasabat berdi. 

Ukraina serhedine takmynan 100 km alysda ýerleşýän Rostow-na-Donu şäheri, Russiýanyň Günorta Harby sebit goşunynyň ştabyna ýer eýeçiligini edýär. 

Şol bir wagtyň özünde, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň 2023-nji ýylyň 11-nji awgustyndaky "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň sebitleýin harby gulluga çagyrmak we sosial goldaw merkezleriniň derňewleriniň netijeleri barada" kararyň güýje girmegi bilen bagly kararnama gol çekdi. 

Wladimir Zelenskiý, 11-nji awgustda beren beýanatynda, Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň ýörite maslahatynda harby bölümleriň derňelmekleriniň netijelerini ele alandyklaryny belläp: "Harby bölümleriň ýolbaşçylary bilen bagly jemi 112 delo, 33 şübhe bar. Kabul eden kararlarymyz bilen ähli sebitleriň harby komissarlaryny wezipelerinden çetleşdirýäris" diýip habar berdi. 

Wladimir Zelenskiý täze harby kommisarlaryň wezipä bellenmelerinden ozal Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy tarapyndan gözden geçiriljekdigini mälim etdi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, geçen aý käbir sebitleriň harby kommisarlyklarynyň harby gulluga almak tapgyrynda wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanandyklary, para alandyklary aýan boldy. 

Aýtmak ýerli, Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň paýtagt Moskwa we Brýansk sebitlerine uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi

Uçarmansyz howa ulaglarynyň ot açylyp, ýere gaçyrylandygy bellendi, Moskwanyň howa giňişliginiň gysga wagtlyk ýapylandygy mälim edildi. 

Gara deňizdäki rus tebigy gazynyň önümçilik desgalarynyň golaýynda anyklanan Ukraina degişli gözegçilik gaýygynyň rus harby uçarlary tarapyndan ýok edilendigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Daniýadan soň Günbatar Balkanlar sammitine gatnaşmak maksady bilen düýn Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherine gitdi. 

Zelenskiý Gresiýanyň F-16 uçarlarynyň uçarmanlarynyň tälim boýunça Ukraina goldaw berjekdigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň Minsk şäherindäki ilçihanasy Belarussiýa bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi. 

Ilçihana tarapyndan berilen beýanatda amerikan raýatlaryndan Belarussiýa syýahat etmezlikleri we Belarussiýany tiz wagtda terk etmekleri islendi. 

Berilen duýduryşyň sebäbiniň bolsa Russiýanyň Ukraina garşy ulanmak üçin Belarussiýa harby güýç ýygnamagy we bu ýurtda  içerki bulaşyklygyň mümkinçiligi görkezildi.