Russiýa: Daniýanyň duşmançylykly hereketine jogap bereris
Russiýa, Daniýanyň Kopenhagende ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaltmak baradaky ädimini duşmançylykly diýip atlandyrdy.
Roýter habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Russiýanyň Kopenhagendäki ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaltmak boýunça Daniýanyň alyp barýan işleri duşmançylykly we bu barada zerur kararlaryň görürjekdigini
yglan etdi.
Daniýanyň Daşary işler ministrligi anna güni Russiýadan Kopenhagendäki ilçihanasynda işleýänleriň sanyny azaltmagyny isledi.
Bu çäre Daniýa, Russiýa bilen uzak wagtlap dowam eden gepleşiklerden soň, Russiýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärlerine wiza bermek üçin ruslaryň razylygyny alyp bilmänsoň edildi.
Daniýanyň Daşary işler ministrligi anna güni Russiýa Russiýanyň aňtaw gullugynyň işgärlerine wiza berilmegini bu gepleşiklere goşmaga synanyşdy. Şol sebäpli bu gepleşikler netije bermedi diýip yglan etdi.
Daniýa Russiýadan Kopenhagendäki diplomatlarynyň sanyny 5-e, tehniki we ýerine ýetiriji işgärleriň sanyny 29-njy sentýabrda 20-ä çenli azaltmagyny isledi.
2022-nji ýylyň aprelinde Daniýa Ukraina edilen hüjüme jogap hökmünde 15 rus diplomatyny bu ýurtdan çykardy.
Russiýa bolsa Daniýanyň kararyna jogap edip, bu ýurdyň Moskwadaky ilçihanasynyň ýedi işgärini "islenmeýän elementler" diýip atlandyrdy we ýurtdan çykarylmagy buýurdy.