Fransiýa Nigeriň häkimiýetlerine haýbat atdy
Fransuz goşunynyň Baş ştaty Nigerde bu ýurduň harby we diplomatik desgalaryna ediljek hrer hili hüjüme jogap bermäge taýýardygyny aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştaty, Nigeriň Harby Geňeşiniň fransuz ilçisini ýurtdan çykarmak kararyna jogap edip, Nigerda bu ýurduň harby we diplomatik desgalaryna hüjüm edilse, fransuz goşuny jogap bermäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Fransuz Ýaragly Güýçleriniň Baş ştaty: "26-njy iýuldan bäri Nigerdäki esgerlerimiziň işi diňe Niamey harby bazasy bilen çäklendi we Nigeriň Ýaragly Güýçleri bilen hyzmatdaşlygymyz togtadyldy" -diýdi.
Fransiýanyň Baş ştaty şeýle-de "Goşun Nigerdäki fransuz harby we diplomatik desgalaryny nyşana alýan islendik täze dartgynlyga garşy durmaga taýýardyr" -diýdi.
Nigeriň harby geňeşi penşenbe güni Parižiň ilçisi Silwain Itiniň diplomatik eldegrilmesizligini ýatyrdy we ýurduň polisiýasyna ony Nigerden çykarmagy buýurdy.
25-nji awgustda Nigeriň Daşary işler ministrligi Fransiýanyň ilçisine ýurtdan çykmak üçin 48 sagat wagt berdi, ýöne bu möhletden soň Fransiýanyň ilçisi Nigerden çykmady.
Şol bir wagtda Fransiýa Nigeriň harby geňeşiniň kararyny ykrar etmeýändigini we ilçisiniň Nigerde galjakdygyny mälim etdi.
Nigerdäki ýerli çeşmeleriň habaryna görä, Nigeriň paýtagty Niameýdäki Fransuz ilçihanasynyň töweregindäki howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi we hiç kime bu sebite ýakynlaşmaga rugsat berilmeýär.