Birleşen Milletler Guramasy Garabaga gumanitar güýç iberýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i23276-birleşen_milletler_guramasy_garabaga_gumanitar_güýç_iberýär
Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat sekretary, soňky 30 ýylda ilkinji gezek bu halkara guramanyň Garabag sebitiniň gumanitar zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin sebite öz wekilleriniň toparyny iberjekdigini aýtdy.
(last modified 2023-09-30T04:28:56+00:00 )
Sep 30, 2023 09:28 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy Garabaga gumanitar güýç iberýär

Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat sekretary, soňky 30 ýylda ilkinji gezek bu halkara guramanyň Garabag sebitiniň gumanitar zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin sebite öz wekilleriniň toparyny iberjekdigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat sekretary Stiwen Dujarric anna güni Azerbaýjan Respublikasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Nagorno-Garabag sebitinde gumanitar wekiliýetiň bolmagy barada ylalaşyk gazanylandygyny we wekiliýetiň şu hepdäniň ahyrynda sebite iberiljekdigini habar berdi.

Stiwen Dujarric Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlik gullugynyň ýolbaşçylygyndaky onlarça adamdan ybarat toparyň Garabag sebitinde galanlaryň we bu sebitden göçüp barýanlaryň zerurlyklaryna baha berjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Geçen hepde Azerbaýjan Respublikasynyň bu ýurduň Garabag sebitinde agalyk etmegine sebäp bolan harby operasiýasyndan soň, bu sebitiň ermenileri ol ýerden ewakuasiýa edýärler we Ermenistana tarap hereket edýärler.

Ermeni hökümetiniň yglan etmegine görä, Garabag sebitinden 50 müňden gowrak ermeni Ermenistana girendir.