Fransiýanyň ilçisiniň kowulmagyndan Niger halkynyň şatlygy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i23294-fransiýanyň_ilçisiniň_kowulmagyndan_niger_halkynyň_şatlygy
Nigeriň halky, öz ýurdundan Fransiýanyň ilçisiniň kowulmagynda soň şatlyk etdiler.
(last modified 2023-10-02T04:31:07+00:00 )
Oct 02, 2023 09:31 Asia/Ashgabat

Nigeriň halky, öz ýurdundan Fransiýanyň ilçisiniň kowulmagynda soň şatlyk etdiler.

Nigeriň harby geňeşiniň fransuz diplomatik we harby güýçlerini ýurduň çäginden çykarmak baradaky basyşyndan soň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Nigerdäki ilçisi Silwian Itte-ni Pariža gaýdyp geldimäge mejbur boldy.

Fransiýa Nigerde ýerleşýän 1500 töweregi esgeriň ýylyň ahyryna çenli bu ýurtdan çykjakdygyny habar berdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň ilçisi "Silwian Itte" gidenden soň, Nigeriň halky ýekşenbe güni öýleden soň Niamidäki fransuz harby bazasynyň öňünde baýram edip, fransuz güýçleriniň Nigerden çykarylýança protestleriň dowam etmegini nygtadylar.

Uly harby serkerdeler, Daşary işler ministrliginiň işgärleri we Nigeriň raýat toparlary hem Fransiýanyň ilçisiniň Nigerden gitmegi mynasybetli bu ýurduň halkynyň ýeňşini bellemek dabarasyna gatnaşdylar.