Argentinada sionistlere garşy köpçülikleýin protestler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i23362-argentinada_sionistlere_garşy_köpçülikleýin_protestler
Müňlerçe argentinaly ýurduň paýtagtynda palestina halkyny goldap, sionist režimiň Gazada eden täze jenaýatlaryny ýazgardylar.
(last modified 2023-10-10T04:36:10+00:00 )
Oct 10, 2023 09:36 Asia/Ashgabat

Müňlerçe argentinaly ýurduň paýtagtynda palestina halkyny goldap, sionist režimiň Gazada eden täze jenaýatlaryny ýazgardylar.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, sionistlere garşy bu demonstrasiýalar duşenbe güni Buenos Aýres şäherinde bolup, paýtagtyň esasy köçesinde ýöränlerinden soň Ysraýyl ilçihanasynyň öňünde ýygnandy.

Sionist režimiň ilçihanasynyň öňünde demonstrantlar sionistler, Palestiniň hiç haçan ýeke galmajakdygyny bilmelidirler diýip gygyrdylar.

Demonstrantlar "Sionist režim sen terrorist" diýen şygary bilen sionistleriň Palestina halkyny aýyplaýandyklaryna jogap berdiler we "Bitul Al-Mukadeesyň paýtagtlygynda erkin Palestina gurlar" şygary bilen Palestina meselesini goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Bu demonstrasiýanyň jemleýji beýanynda palestina halkynyň daşary ýurtly agressiw güýçlerden özlerini goranmak hukugynyň kanunydygy nygtaldy.

Demonstrantlar şeýle hem Argentinanyň hökümetinden çagalary öldürýän sionist režim bilen gatnaşyklaryny kesmegini islediler.