Guterreş: Gazany iýmitden mahrum etmek kabul ederliksizdir
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary sionist režimiň Gaza zolagyny doly gurşap almak kararyna reaksiýa bildirdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres duşenbe güni Gaza zolagyny azyk we esasy hyzmatlardan mahrum edip bolmajakdygyny aýtdy.
Guterreş şeýle-de "Gaza zolagyny azyk we esasy hyzmatlardan mahrum etmek kabul ederliksizdir we Gaza zolagyna girmek üçin gumanitar kömek talap edýäris"-diýdi.
Sionist režimiň söweş ministri Gallant Gazanyň doly gabawlamak baradaky buýrugyny yglan etdi we buýrugyna görä sebite suw, elektrik ýa-da ýangyç girmeli däldigini aýtdy.
Sionist režimiň Energetika ministri Ysraýyl Katz hem "Gaza zolagyna suw üpjünçiligini derrew kesmegi buýurdym" -diýdi.
Şol bir wagtda Eýranyň adam hukuklary merkeziniň sekretary Kazem Garibabadi X sosial ulgamynda çap eden sargydynda şeýle ýazdy: Howpsuz we arassa agyz suwdan paýly bolmak hukugy adam hukugy hökmünde ykrar edilendir, indi Sionist režimiň Gazanyň halkyna suwy ýapmakdaky hereketi uruş jenaýaty hasaplanýar diýdi.